15-nji dekabrda Berlinde geçirilen gepleşiklerde amerikan we ýewropa diplomatlary Ukrainanyň howpsuzlyk kepilliklerini kesgitleýän iki resminama barada ylalaşyga geldi diýip, “The New York Times” gazeti resminamalar bilen tanyş resmilere salgylanyp ýazdy.
Neşir bu kepillikleriň NATO-nyň 5-nji maddasynda göz öňünde tutulan borçlara golaýdygyny, ýöne olaryň Ukraina Demirgazyk Atlantika Şertnamasyna goşulmakdan ýüz öwürmek şerti bilen beriljekdigi barada öň çykan habarlary tassyklaýar.
Birinji resminama howpsuzlyk kepillikleriniň umumy ýörelgelerini beýan edýär. Bu, Demirgazyk Atlantika Şertnamasynda berlen kepilliklere meňzeş borçnama bolup, onda agza ýurtlaryň ählisiniň hüjüm astyndaky islendik ýurda kömek bermäge borçlanýandygy göz öňünde tutulýar.
Kanuny taýdan borçly edýän kepillikleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Birleşen Ştatlar olary Senatda tassyklamaga hödürlemäge, Ýewropa ýurtlary bolsa öz içerki tertip-düzgünlerine laýyklykda resmileşdirmäge taýýar.
Gazetiň çeşmeleri ikinji resminamany harby işgärler üçin niýetlenen "operatiw" diýip atlandyrdylar.
Onda amerikan we ýewropa güýçleriniň Orsýetiň gaýtalanan çozuşynyň, täze ukrain territoriýasyny eýelemeginiň öňüni almak üçin ukrain harbylary bilen nähili hyzmatdaşlyk etjekdigi düşündirilýär.